Doglan gün

şägirt
2 min readNov 19, 2021

--

Mähribanym! (birden size 3 aý töweregi gönüden- göni ýüzlenmändigim ýadyma düşdi/) Bugün panyýa gelen günüňiz. Häpi bday). Men bagtly; siz ýaly bir perişde belli wagtlaýyn maňa bagyş edileni üçin.

Niçe bileje geçirjegmiz soňsuz bagtly günlere🥂 (umyt edýän 😭)… Belki okarsyňyz bu gutlagymy, ýa iç sesimi eşidýänsiňiz kim bilýä, yöne bu gezek maddy sowgat bermek mümkinçiligim bolmansoň kabul edip goýberiň geň-taň ýöne ýüregmiň töründen ýygnan iç seslerimiň terjimeçisi bolan şujagaz hatymy…

Geçen ýylky arzuw edýän bilen, şuwagtky arzuw edýän gyzyňyz deň däldir. Näme üçin diýseňiz, sizi doly tanamak babatda… Sizi 3–7–40yňyzda hasss tanadym, beýlekileriň siz barada aýdyp beren başdan geçirmeleridir, olaryň ýüreklerinde eýeleýän ornuňyz baradaky aýtgylary bilen (*masgara, utan özüňden)…Size bara bagtly soňy arzuw edýän (happy end; herkime doglan gününde edişim ýaly).

Bir zadyň gadryny eliňden gidirensoň bilmek…Bilemok, bu manysyz durmuş kadasymy ýa näme? Heý bir bilip bolmazmy gadryny birzadyň elden gidermezden? Ýa bişen, kämilleşen adamlaň edýän zadydyr belki. Eger şeýle bolsa, ýetişmedim bagyşla, bişip ýetişmedim, gadryňy has gowy bilip bilmedim (üstümdäki hakyňyzy ödemegä beýle-de dursun).

Aýtmak isleýän, sizi söýýänimi, gideňizsoň çuňňur söýýänimi duýanymy (bir mint; biz ynjynmak üçin söýýäsmi ýa?! soňunda gitmegine böwet bolup bilmeýän bolsak, gidýäni saklap bilmeýän bolsak, ýa belkem soňsuzlygyň subudymyka söýmek…), maňa bolan söýgiňizi çürt-kesik duýýanymy (sebäp, kem şonuň ýeri..), göresi gelmek diýen işligi hakyky manyda başdan geçirýändigimi; soramak isleýän meni bagyşlamagyňyzy, menden yrza bolmagňyzy, “aýagyňyzyň aşagyndan ýetip bolýan firdöwsde ýanyňyzda menem bolarmykam” soragyny…

Söýgi subut isleýär, şeýle bolsa size laýyk bir perzent bolmak üçin dyrjaşmak ýaşaýyş maksatarmyň biri bolmaly. Aýatdakam sizi söýýänimi subut etjek ejem, (dur näme üçin etjek bolýan?! wi, aýatdaka doly manyda subut edip bilmänligmi pikir edýänim üçindir belki:( ) dyrjaşjak, esasy niýetdi dälmi, bolduda…

Gury gitmesin gutlagym, bir goşgujygam (einstein_aa nyň awtorlyk etmeginde) forwardlaýan, nädeýin özüm düzüp bilemok, ýöne ugratjagmyň içine many we duygularmy ýükläp, zipläp ugradýan… Bu goşgyň ýany bilen ählije enelere bagyşlanyp ýazylan goşgularam ugradýan.

Zar men Ejeme.!

Bu günlerde näme üçindir bilemok,

Yüregim gowgalaly uryar basymdan

Bu günlerde näme üçindir bilemok,

Her geçen zenanda men sizi göryän.

Yylgyrşyñ aklymda, sesiñ gulakda,

Türkmen lybasly nalyñ gözümde

Watany(*ň) (kiçiräk düzediş, belkem ulydyr…)mdan uzak bolsamda Eje!

Hemishe duyyan men seni yanymda.

Iysemde süyjüdir, şokolad, kemput

Señ tagamyñy tapyp bilemok

Görsemde düyşümde yylgyryan yüzleri

Señ mährem choyuñy alyp bilemok.

Ölüm näme, durmuş näme dogrusy içgin analiz etmek pursadym boldy, praktikada gördüm. Ýöne entek düşünşim ýaly ýaşamok, onda ýene entek üstünde işläp, düşünmeli we doly ynanmaly (elbetde giç bolmanka😢). Asyl durmuş ölümden soň başlaýarmyş, dünýä düýş diýip ynandyk, (aýyrmasyn dogry ýoldan, ki bu ýeke tesellim)… Onda hakyky doglan günüňiz panyýa mähir doly gözleriňizi ýuman günüňiz bolýada… Şeýle bolsa, doglan günüň mübärek bolsun Ejem. (Biribarym, ondan yrza bol, wezipesini doly we artykmajy bilen tamamlady ol)…Ýatan ýeriňiz ýagty, jaýyňyz jennet bolsun! (el fatyha)

20.11.1978 - 22.08.2021

Ps: laptobyň touchpadiniň kellesi gidip başlady suwdan ýaňa.

--

--

şägirt

“Bir döwüm nan bolsam ajygan üçin, suwsan üçin bolsam bir käse ýagyş.”